Hytaýda Türkmenistanyň Medeniýet ýyly geçiriler
Türkmenistanyň Hytaýdaky ilçisi Parahat Durdyýewiň HHR-niň Medeniýet we syýahatçylyk ministriniň orunbasary Çžan Çžen bilen duşuşygynda Hytaýda Türkmenistanyň Medeniýet ýylynyň geçirilmegi we ýurtlaryň arasynda bu ulgamdaky hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagy ara alnyp maslahatlaşylan esasy mesele boldy.Türkmen diplomaty Hytaýda Türkmenistanyň Medeniýet ýylynyň geçirilmeginiň möhümdigini nygtady. Şu ýyl Türkmenistanda we daşary ýurtlarda beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy bellenilýär. Gündogaryň beýik akyldarynyň ýubileýi mynasybetli Pekiniň Daşary ýurt dilleri institutynyň goldaw bermeginde onuň şygyrlary hytaý diline terjime edilýär.