Halkara hyzmatdaşlyk

Halkara Deňiz Guramasy (HDG) - Türkmenistan 1993-nji ýylyň 26-njy awgustynda Birleşen Milletler Guramasynyň Halkara Deňiz Guramasyna (IMO – International Maritime Organization) agzalyga kabul edildi.  Halkara Deňiz Guramasy 1948-nji ýylda döredilip, onuň ştab-kwartirasy London şäherinde ýerleşýär we dünýäniň döwletleriniň aglaba bölegi onuň agzasy bolup durýarlar. HDG-niň esasy wezipesi halkara deňiz söwda gatnawlaryny kadalaşdyrmak, deňizde ýüzüşiň howpsuzlygyny, adam janynyň goraglylygyny üpjün etmek, deňiz ulgamy boýunça halkara konwensiýalary, kodeksleri, rezolýusiýalary, teswirnamalary, maslahatlary işläp taýýarlamak we kabul etmek, deňiz ulgamy babatda döwletleriň arasynda gatnaşyklary utgaşdyrmak we beýleki wezipelerden ybarat bolup durýar.

Ýewropa Deňiz Howpsuzlyk Agentligi (ÝDHA) - bu Ýewropa Birleşiginiň agentligi bolup, ol deňizde awariýalaryň, gämilerden suwuň hapalanmagynyň we adamlaryň heläk bolmagynyň öňüni almak, deňiz howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça Ýewropa Bileleşiginiň agza döwletlerine kanunçylyk namalaryny işläp taýýarlamak we ýerine ýetirmeklige ýardam edýär. Agentlik Ýewropa Birleşigi tarapyndan 2002-nji ýylda döredildi. Onuň ştab kwartirasy Portugaliýanyň Lissabon şäherinde ýerleşýär.   Agentlik 2004-nji ýyldan bäri dünýäniň beýleki döwletleriniň deňiz ulag ulgamynyň hünärmenlerini okatmak, hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça hyzmatdaşlyk alyp barýar. Şunuň bilen baglylykda, Hazar deňzi, Gara deňzi ýurtlaryna deňiz howpsuzlygy, gämilerden hapalanmagyň öňüni almak, deňiz ekologik meseleleri çözmek we deňiz ulagyna degişli beýleki meseleler boýunça hyzmatdaşlygy hödürleýär hem-de deňizde heläkçilige duçar bolan gämilerdäki adamlar üçin kenarýaka döwletler tarapyndan berilýän kömekleriň kadalary we konwensiýalary boýunça tälim beriji okuwlary, nebit dökümlerini ýygnamak we öňüni almak boýunça halkara tejribesi bilen tanşdyryş okuwlaryny, Gözleg we halas ediş boýunça seminarlary we beýlekileri guraýar. Bu geçirilýän çärelere Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Türkiýäniň, Gruziýanyň, Ukrainanyň, Moldowanyň deňiz ulag ulgamynyň wekilleri işjeň gatnaşýarlar.

Russiýanyň gämi gatnaw deňiz registri (Registr) - 1913-nji ýylda döredilen halkara klassifikasion jemgyýetidir. Registriň klassynda 40-dan gowrak ýurduň baýdaklary astynda hasaba alnan 4280 gämi bar. Registr 1969-njy ýyldan bäri Halkara Klassifikasion Jemgyýetleriniň Assosiasiýasynyň (IACS) agzasydyr.Registriň esasy maksatlary:

·       Deňizde adam ömri üçin howpsuzlyk standartlaryny ýokarlandyrmak;

·       Gämileriň howpsuz ýüzüşi üçin standartlary ýokarlandyrmak;

·       Harytlary deňiz we içerki suw ýollary arkaly ygtybarly daşamak üçin standartlary ýokarlandyrmak;

·       Daşky gurşawyň hapalanmagynyň öňüni almaga gönükdirilen çäreleri we ülňüleri işläp düzmek

2012-nji ýylyň 31-nji iýulynda Russiýa-Türkmen hökümetara ykdysady hyzmatdaşlyk komissiýasynyň 6-njy mejlisiniň çäginde Russiýanyň gämi gatnaw deňiz registri (Registr) bilen Türkmenistanyň deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň (Deňiz Administrasiýasy) arasynda gämileri şahadatnamalaşdyrmak we resminamalary söwda ýük daşamak bilen baglanyşykly halkara şertnamalarynyň talaplaryna laýyklykda resmileşdirmek hyzmatlaryna ygtaýarlyklary bermek hakynda şertnama baglaşyldy. Registriň Türkmenistandaky şahamçasy nebit we gaz öndürmek üçin niýetlenen gämilere we deňiz desgalaryna ulanylanda we abatlananda, şeýle-de, gämiler we deňiz desgalary üçin materiallary, önümleri we enjamlary taýýarlananda tehniki gözegçilik hyzmatlaryny berýär.  

“Bureau Veritas” (BV) – gämileriň howpsuzlygy we barlagy boýunça gämi klassifikasion jemgyýetleriniň dünýäde öňdebaryjylaryndan biri. Bureau Veritas, bütin dünýäde müşderilere zerur goldaw, tejribe we çuňňur bilimleri berýär.1828-nji ýylda döredilen “Bureau Veritas” şahadatnama, önümçilik barlagy, tehniki gözegçilik, gämileri we ýükleri barlamak, hil, ekologiýa, howpsuzlyk we zähmeti goramak boýunça standartlaryň berjaý edilişini barlamak ýaly hyzmatlary hödürleýär.2020-nji ýylyň 5-nji dekabrynda “Türkmendeňizderýaýollary” agentligi bilen Fransiýa Respublikasynyň “Bureau Veritas Marine & Offshore SAS” Klassifikasion Jemgyýetiniň arasynda Türkmenistanda bellige alnan gämileri şahadatnamalaşdyrmak boýunça hyzmatlara ygtyýar bermek hakynda Ylalaşyga gol çekildi.

Ýewropa Deňiz Howpsylzyk Agentligi (ÝDHA)

Halkara Deňiz Guramasy (HDG)