"Türkmendeňizderýaýollary" agentliginiň ýanyndaky Türkmenistanda gämi gatnawyna döwlet gözegçilik Administrasiýasyna Deňiz port kapitany gullugynyň loman toparynyň losmany, wezipesine gämi sürüjilik ýa-da deňiz gämi sürüjiligi hünäri boýunça ýokary ýa-da orta hünär bilim baradaky diplomy , kapitanyň uly kömekçisinden pes bolmadyk kwalifikasiýany bermek baradaky diplomy üç ýyldan az bolmadyk möhlet bilen ýüzenligi hakyndaky kepilnamasy bolan.
"Türkmendeňizderýaýollary" agentliginiň edara binasynyň Tehniki ösüş we kadalaşdyryş bölüminiň orunbasary wezipesine ýokary inžiner tehniki bilimi bolan 5 ýyldan köp iş döwri bolan.
1. Gäminiň reňkleme (boýag) işleri boýunça inspeksion gözegçiligi amala aşyrmaklyk boýunça inžener; 2. Gäminiň radionawigasiýa enjamlaryny synagdan geçirmek we olara hyzmat etmeklik boýunça inžener (FURUNO, SAILOR, JRC) 3. Halas ediş serişdelerini barlamak we olara tehniki hyzmat etmeklik boýunça hünärmen; 4. Gurluşlaryň, desgalaryň, mehanizmleriň, enjamlaryň, gabara konstruksiýalaryň we beýleki tehniki gözegçilige degişli gurluşyklaryň diagnostikasy boýunça inžener; 5. Gäminiň demriniň galyňlygyny ölçemek boýunça hünärmen; 6. Gämi inžener konstruktor, dizaýner; 7. Gämi mehanizmlerine we enjamlaryna gözegçi inžener; 8. Gämi elektron we elektroenjamlaryna gözegçi inžener; 9. Gämide aragatnaşyk we radionawigasiýa ulgamlaryna gözegçi inžener; 10. Demiri işläp taýýarlamak boýunça inžener;
1. Türkmenistanyň raýatynyň şahsyýetini tassyklaýan resminamany (pasport ýa-da onuň ornuny tutýan başga resminama, on alty ýaşa çenli ýaşdaky adamlar üçin dogluş hakyndaky şahadatnama); 2. Harby borçlular we harby gulluga çagyrylmaga degişli adamlar üçin harby hasabyň resminamasyny; 3. Zähmet şertnamasyny ilkinji gezek baglaşýan ýa-da esasy işi bilen utgaşykly işe girýän işgärden başgasy zähmet depderçesini; 4. Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ýörite bilimi ýa-da ýörite taýýarlygy talap edýän iş üçin bilim hakyndaky, hünär ýa-da ýörite bilimleriň bardygy hakyndaky diplomy ýa-da başga resminamany; 5. Saglyk ýagdaýy hakynda lukmançylyk netijenamasy we eger olaryň görkezilmegi Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan bolsa işe gatnaşygy bolan gaýry ýagdaýlary tassyklamak hakynda beýleki resminamalar. Aýry-aýry halatlarda işiň aýratynlygyny hasaba almak bilen işe kabul edilende goşmaça resminamalary görkezmegiň zerurlygy göz öňünde tutulyp bilner. Boş iş ornuna ähli talap edilýän resminamalaryň bar ýagdaýynda, edaranyň degişli hünärmenleri bilen geçirilen gürrüňdeşliginiň esasynda işe kabul edilýär.