“Türkmendeňizderýaýollary” agentligi Türkmenistanyň çäklerinde suw ulaglarynda döwlet syýasatyny amala aşyrýan hem-de söwda deňiz gatnawy ugrundaky döwlet dolandyryşy babatda ygtyýarly edilen suw ulaglary boýunça ýerine ýetiriji häkimiýetiň merkezi edarasy bolup durýar.
Berkarar döwletimiziň Bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Türkmenistan döwletimiz ykdysadyýetde, syýasatda, medeniýetde we durmuşyň beýleki ugurlarynda uly üstünlikleri gazanýar. Milli Liderimiziň ýurdumyzy ösdürmekde alyp barýan syýasatyny, tabşyryklaryny üstünlikli durmuşa geçirmek her bir pudagyň, şol sanda Türkmenistanyň ulag pudagynyň hem wajyp wezipeleriniň biridir.
Türkmenistanyň amatly geografik ýerleşmegi netijesinde, üstaşyr ýükleri daşamakda hem-de halkara söwdasynda uly orunlaryň birini eýeländigi gadymy döwürlerden bäri mälimdir. Gadymy «Ýüpek ýolunyň» Türkmenistanyň birnäçe şäherleriniň üstünden geçmegi hem munuň aýdyň şaýadydyr.
Türkmenbaşy halkara deňiz porty Ýewropadan Aziýa, Aziýadan Ýewropa ýük daşalýan ýollaryň çatrygynda ýerleşip, Merkezi Aziýanyň «Deňiz derwezesi» bolup hyzmat edýär. Şol sebäpli hem soňky ýyllarda Ýewropa-Kawkaz-Aziýa halkara ulag geçelgesiniň (TRACECA) ösmegi bilen, ýurdumyzyň deňiz ulaglarynyň ýük daşamak mümkinçiligi we özüne çekijiligi has-da ýokarlandy. Deňiz ulaglary iň ygtybarly, tygşytly hem-de amatly ulaglardyr. Şonuň üçin hem, dünýäde deňiz ulaglaryna aýratyn uly üns berilýär. Dünýä boýunça ýük dolanyşygynyň ýarysyndan gowragy deňiz ulaglarynyň paýyna düşýär.
Şeýle hem, goňşy Hazarýaka döwletleriniň port üpjünçilik ulgamlarynyň we deňizde ýük daşamalaryň çalt depginde ösýändigi, portlaryň ýük dolanyşygynyň we bäsdeşliginiň ösýändigi üçin, Türkmenistanda hem deňiz ulag pudagyny mundan beýläk-de ösdürmekde degişli çäreleriň we taslamalaryň amala aşyrylmagy maksadalaýykdyr we örän möhümdir. Bu taslamalar Türkmenistanyň ägirt uly ykdysady mümkinçiliklerini netijeli ulanmagyň, ýurdumyzyň häzirki zaman ulag ulgamyny döretmegiň, Merkezi Aziýanyň üstünden geçýän amatly sebit we sebitara ulag ugurlaryny emele getirmegiň hem-de bar bolan mümkinçilikleri netijeli ulanmagyň ýola goýulmagynda möhüm ädimlerdir.
Agentlik öz işinde Türkmenistanyň Konstitusiýasyny, Türkmenistanyň kanunlaryny, Türkmenistanyň Söwda deňiz gatnawynyň kodeksini, Türkmenistanyň Prezidentiniň namalaryny, Türkmenistanyň Mejlisiniň kararlaryny, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň çözgütlerini, Türkmenistan tarapyndan gol çekilen Halkara deňiz guramalarynyň konwensiýalaryny we şertnamalaryny, deňizde ýüzmegiň we gämi gatnawynyň howpsuzlygy barada halkara kadalaşdyryjy hukuk namalaryny, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we Kommunikasiýa agentliginiň buýruklaryny, görkezmelerini, tabşyryklaryny hem-de öz Düzgünnamasyny goldanýar.