"TÜRKMENDEŇIZDERÝAÝOLLARY" AGENTLIGINIŇ MAÝA GOÝUM TASLAMALARY
Häzirki wagtda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň çalt ösmegini, şol sanda eksport we import üçin ýükleriň mukdarynyň köpelmegi, şeýle hem dürli pudaklarda bäsdeşligiň ýokarlanmagyny göz öňünde tutup, deňiz ulagy pudagynyň ösüş depginini ýokarlandyrjak taslamalary durmuşa geçirmek üçin çäreler görülýär.2019-2025-nji ýyllarda ýük daşamagyň mukdaryny, ýolagçy gatnawyny we hilini ýokarlandyrmak, önümçilik kuwwatyny ýokarlandyrmak we täsirli netijäni almak, şeýle hem ulag hyzmatlaryna bolan islegi kanagatlandyrmak üçin birnäçe çäreler görülýär.Şunuň bilen baglylykda, söwda deňiz flotuny ösdürmek, şeýle hem bäsdeşlige ukyplylygy ýokarlandyrmak, şol sanda eksport-import dolanyşygyny ýokarlandyrmak we deňiz ulaglary tarapyndan hödürlenýän hyzmatlara islegiň ýokarlanmagyny göz öňünde tutmak bilen gysga wagtda dürli görnüşli gämileri gurmak meýilleşdirilýär.