Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudagy hökmünde ylmyň we tehnikanyň gazananlaryny ulanmak bilen, deňiz we derýa ulaglaryny ösdürmek, deňiz we derýa gatnatmalarynda ykdysadyýete degişli ýükleri daşamak, ilata edilýän hyzmatlar boýunça, daşary ýurtlar bilen Türkmenistanyň ykdysady-söwda hyzmatdaşlygyny giňeltmekde döwlet syýasatyny alyp barmakdyr.
Şeýle-de, deňiz we derýa flotuny, deňiz we derýa portlaryny, port nokatlaryny, gämi gurluşyk we gämi abatlaýyş kärhanalarynyň toplumlaýyn durkuny özgertmek, gämi geçelge kanallary, derýa gämi gatnaw ýollaryny halkara standartlaryna laýyklykda saklamakdan ybarat bolup durýar.
Ylmyň we tehnikanyň gazananlaryny, täze tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak, ýüzüşleriň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça işleri amala aşyrmak we düýpli maýa goýum maksatnamasynyň taslamasyny işläp taýýarlamak we durmuşa geçirmekdir.
Deňiz we derýa ulaglary kärhanalarynyň gämileriniň, gämi duralgalarynyň hem-de menzilleriniň ulanylyşyna, şeýle hem tehniki ýagdaýyna döwlet gözegçiligini amala aşyrýar. Türkmenistanyň Söwda deňiz gatnawyna degişli halkara şertnamalarynyň hem-de Türkmenistanyň söwda deňiz gatnawy hakyndaky kanunçylygynyň berjaý edilşine gözegçilik edýär.
Hazar deňziniň Türkmenistana degişli boleginde deňizde ýüzüşe, içerki suw ýollarynda gämi gatnawyna degişli kadalaryň we düzgünleriň, şeýle hem Türkmenistanyň halkara şertnamalarynyň talaplarynyň degişlilikde berjaý edilişine döwlet gözegçiligini amala aşyrmakdyr.
Türkmenistanyň Döwlet baýdagy astynda ýüzýän gämileri Türkmenistanyň Söwda deňiz gatnawynyň kodeksiniň talabyna laýyklykda resmileşdirýär.