«Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň ýanyndaky Türkmenistanda gämi gatnawyna döwlet gözegçilik administrasiýasy (mundan beýläk – Administrasiýa), Hazar deňziniň Türkmenistana degişli böleginde, Türkmenistanyň içerki suw ýollarynda we suw howdanlarynda gämileriň ýüzüşiniň howpsuzlygynyň we ulanylyşynyň, özi ýöreýän ýa-da özi ýöremeýän ýüzüji desgalaryň, gidrotehniki desgalaryň, ýüzýän nasos beketleriniň, ýüzýän köprüleriň, gämi duralgalaryň we beýleki ýüzüji desgalaryň howpsuz ulanylyşynyň üpjün edilişine, şeýle hem gämiler we ýüzüji desgalar gurlanda, abatlananda we ulanylanda tehniki gözegçiligi amala aşyrýar.
Türkmenistan 1993-nji ýylyň 26-njy awgustynda Halkara deňiz guramasynyň (HDG) agzalygyna kabul edildi we häzirki wagta çenli HDG tarapyndan işlenip taýýarlanan, söwda deňiz gatnawy babatdaky meseleleri düzgünleşdirýän birnäçe Halkara Konwensiýalaryna goşuldy.
Administrasiýa Halkara deňiz guramasy bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edýär. Soňky ýyllarda Halkara deňiz guramasynyň (HDG) wekileriniň gatnaşmagynda seminar okuwlaryň geçirilmegi ýola goýuldy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan parasatly syýasatynyň netijesinde, häzirki wagtda ýurdumyzda Deňiz we derýa ulaglary pudagyna uly üns berilýär. Hormatly Prezidentimiziň Türkmenbaşy Halkara deňiz portuny hem-de Türkmen deňiz söwda flotuny ösdürmek baradaky durmuşa geçirýän uly göwrümli tutumlary bilen bir hatarda Administrasiýa tarapyndan söwda deňiz gatnawy bilen bagly halkara ylalaşyklaryň ýerine ýetirilmegi we bu ugurda döredilen milli kanunçylyk binýadymyzy döwrebaplaşdyrmak maksady bilen onuň has-da kämilleşdirilmegi babatynda degişli işler alnyp barylýar.