Deňiz barlag nokatlarynda ýolagçylary we ulaglary barlamak boýunça okuw maslahaty

“Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň hünärmenleri ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hünärmenleri bilen bir hatarda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Aşgabatdaky Merkezi tarapyndan gurnalan Deňiz barlag nokatlarynda ýolagçylary we ulaglary barlamak boýunça bäş günlük onlaýn okuw maslahatyna gatnaşdy.

Maslahatda deňiz ulag we logistika ugrunda işleýän milli hünärmenleri halkara tejribeleri we kadalary bilen tanyşdyrmak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Halkara hünärmenleriň çykyşlarynyň dowamynda okuw maslahata gatnaşyjylary deňiz howpsuzlygy, ýolagçylary, goşlary we ulaglary barlamak, şeýle hem wagtlaýyn we ykjam barlag nokatlarynyň işi bilen baglanyşykly halkara tejribesi bilen tanyşdyryldy.