Türkmen wekiliýeti Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň Ministrler Geňeşiniň 28-nji mejlisine gatnaşdy

2024-nji ýylyň 3-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Eýran Yslam Respublikasynyň Maşat şäherinde geçirilen Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň (YHG DIMG) 28-nji mejlisine gatnaşdy. Bu barada Türkmeistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi saýty habar berýär.

Mejlise YHG-e agza döwletleriň daşary syýasat edaralarynyň, sebit guramalarynyň, şeýle hem YHG-nyň ýöriteleşdirilen edaralarynyň, sebit institutlarynyň we düzüm birlikleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Duşuşyga gatnaşyjylar söwda, maýa goýum, «ýaşyl» ykdysadyýet, sanlylaşdyrma, energetika, azyk howpsuzlygy, ekologiýa, oba hojalygy we ulag ugurlary boýunça sebitleýin hyzmatdaşlygy berkitmek boýunça meseleleriň giň gerimini ara alyp maslahatlaşdylar. Söwda-ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek baradaky tekliplere, şol sanda YHG-nyň giňişliginde ykdysady ösüşiň täze ýollarynyň gözlegine garaldy.

Mejlisiň dowamynda Geňeşiň iş maksatnamasy tassyklandy, Sekretariatyň we YHG-nyň ýöriteleşdirilen edaralarynyň işleri baradaky hasabatlar kabul edildi, 2025-nji ýyl üçin býujet tassyklandy we Eýranyň YHG-da başlyklygynyň netijeleri jemlendi. 2025-nji ýylda başlyklyk Gazagystan Respublikasyna geçirildi.

Mejlisde türkmen wekiliýeti tarapyndan Türkmenistanyň YHG-nyň çäginde hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary boýunça garaýyşlary beýan edildi hem-de YHG-nyň ösüş strategiýasy boýunça teklipler hödürlendi.

Hususan-da, ulag we logistika ulgamynda, şeýle hem energetika pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ähmiýeti bellendi. Önümçilik zynjyrlaryny döretmek; kiçi we orta telekeçilik pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge ähmiýet bermek bilen, serhetýaka we sebitleýin söwda mümkinçiliklerinden peýdalanmak arkaly senagat hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň ýerlikliligi beýan edildi. Azyk howpsuzlygyny üpjün etmek hem-de döwletara gatnaşyklarynyň konstruktiw nusgalaryny döretmek boýunça YHG-nyň we halkara jemgyýetçiliginiň tagallalaryny birleşdirmegiň ähmiýeti bellenildi.

Mejlisiň netijeleri boýunça köptaraplaýyn sebit hyzmatdaşlygyny güýçlendirmek boýunça strategiki başlangyçlary we amaly ädimleri beýan edýän Maşat kommýunikesi kabul edildi.