“Türkmendeňizderýaýollary” agentligi, “Türkmennebit” döwlet konserniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy, Medeni sport toplumy kitaphanalary bilelikde çeper okaýyş çäresini geçirdi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe tamamlanyp barýan”Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda eziz Türkmenistan Watanymyz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ähli ulgamlar boýunça belent sepgitlere ýetdi. Bu ýylda ýurdumyz, halkymyz üçin alnyp barylan tutumly işler, şahyryň şanyna halkara derejesinde toýlanan toýlar, geçirilen halkara we ýokary derejeli çäreler muňa şaýatlyk edýär.

2024-nji ýylyň 16-njy dekabrynda “Türkmendeňizderýaýollary” agentligi bilen bilelikde “Berkarar döwlet istärin” ady bilen şahyryň goşgulary boýunça çeper okaýyş çäresi geçirildi. Şahyryň goşgulary labyzly okaldy, onuň Garaşsyz, Bitarap döwlet gurmak baradaky arzuwlarynyň wysal bolan döwrüniň waspyny etdiler, goşgylaryň manysy terbiýeçilik ähmiýeti boýunça pikir  alyşdylar. Soňra kitaphana otagynda Magtymguly Pyraga bagyşap gurnalan sergi bilen tanyşdyryldy.Täsirli geçen bu çäre işgärlerde ýakymly ýatlama galdyrdy.