Türkmenistanyň Prezidenti Täze ýyl mynasybetli baýramçylyk dabaralaryna gatnaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli Aşgabatdaky "Älem" medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada, ýurduň Baş arçasynyň ýanynda guralan dabaralara gatnaşdy. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.

Ýaşajyk türkmenistanlylar bu ýerde döwlet Baştutanyny öz öwrenen goşgularyny aýdyp garşyladylar. Täze ýylyň esasy gahrymanlary bolan Aýazbabadyr Garpamyk hem baýramçylyk gutlaglaryny beýan etdiler.

Prezident Serdar Berdimuhamedow bagtyýar körpeleriň haýyşy boýunça Aýazbabadyr Garpamyk, şeýle-de geçip barýan ýylyň we täze ýylyň nyşanlary bolan balygyň we ýylanyň keşbindäki körpeler, köp sanly şadyýan çagalar bilen ýurduň Baş arçasynyň daşyndan aýlandy. Şadyýan çagalar, teatr we sirk artistleri döredijilikli çykyşlary ýerine ýetirdiler. Bagtyýar çagalara döwlet Baştutanynyň adyndan Täze ýyl sowgatlary gowşuryldy.

Soňra Prezident Serdar Berdimuhamedow Täze ýyl mynasybetli bagtyýar körpeleriň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda guralan baýramçylyk çäresine hem gatnaşdy.

Döwlet Baştutanynyň göreldesine eýerip, Hökümet agzalary, dürli derejeli ýolbaşçylar, daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň, şeýle-de Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň wekilleri-de bu dabaraly çärä öz çagalarydyr agtyklary bilen gatnaşdylar we bagtyýar körpeleriň baýramçylyk şatlygyny paýlaşdylar. Bu ýerde bagtyýar çagalar, teatr we sirk artistleri, sungat ussatlary döredijilikli çykyşlary ýerine ýetirdiler. Bagtyýar körpeleriň, estrada aýdymçylarynyň, teatrlaryň we sirkleriň, halk döredijilik we tans toparlarynyň, çagalar döredijilik toparlarynyň, dürli ýaşdaky zehinli çagalaryň çykyşlaryna tomaşa edildi.

Türkmen döwlet gurjak teatrynyň we Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň işgärleri hem tomaşaçylaryň öňünde çykyş etdiler. Täze ýyl mynasybetli, baýramçylyk dabarasyna gatnaşyjylara süýjülik torty paýlanyldy.