Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Monaka Knýazlygyna bardy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.
Habarda bellenilişine görä, uçuşdan öň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ýerli metbugat wekilleri bilen duşuşdy.
Gurbanguly Berdimuhamedow 2025-nji ýylda “Dünýäniň sport paýtagty” diýlip yglan edilen Monakonyň bu ulgamyň üstünlikli ösüşiniň nusgasy bolup durýandygyny hem-de parahatçylygy we ynanyşmagy pugtalandyrmagyň guraly hökmünde sportuň ähmiýetini belledi.
Saparyň dowamynda Türkmenistan bilen Monakonyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 10 ýyllygyna aýratyn üns berler. Türkmen halkynyň Milli Lideri bu senäniň syýasy, ykdysady we medeni ulgamlarda hyzmatdaşlygyň berkidilmeginiň nyşany boljakdygyna ynam bildirdi.
Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle hem Ýewropa ýurtlary bilen hyzmatdaşlyk ugurlaryny beýan etmek boýunça türkmen metbugatynyň wekillerine tabşyryklary berdi. Hyzmatdaşlygyň ugurlary ylym, bilim, oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ulgamlaryndaky taslamalary öz içine alýar.
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň bellemegine görä, bu sapar Ýewropa ýurtlary bilen özara bähbitli gatnaşyklary giňeltmekde möhüm ädim bolup, täze başlangyçlaryň we taslamalaryň durmuşa geçirilmegini şertlendirer.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň saparaynyň öňüsyrasynda “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar topary Monte-Karlo şäherinde sirk sungatynyň 47-nji halkara festiwalyna gatnaşdy. Türkmen atşynaslary özleriniň ahalteke bedewleri bilen ajaýyp çykyşlary görkezdiler.