Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda Döwlet gümrük gullugynyň merkezi edarasynda täze döredilen Gözegçilik-seljeriş merkezi açyldy. Bu barada “Watan” habarlar gepleşigi habar berýär.
Merkez ýurduň ähli ýerindäki gümrük desgalaryna uzak aralykdan gözegçiligi öz wagtynda amala aşyrmaga mümkinçilik berýän döwrebap tehnologiýalar bilen üpjün edilendir.
Habarda bellenilişine görä, gümrük nokatlaryndaky ähli amallara gözegçilik etmäge we seljermäge mümkinçilik berýän öňdebaryjy enjamlaryň ornaşdyrylmagy gullugyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga şert döreder.
Geçiriş nokady arkaly geçirilýän harytlary we ýükleri synlamaga mümkinçilik berýän enjamlaýyn düzümler awtomobil, demir ýol we howa ulaglarynyň akymlaryna gözegçiligi güýçlendirýär.
Amatly iş orunlary, dynç alyş zolagy we sanly ulgam arkaly maslahatlary geçirmek üçin enjamlaşdyrylan mejlisler zaly merkezde döredilen düzümleriň hataryna girýär. Bu ýerde ulanylýan tehnologiýalar gullugyň seljeriş kuwwatlyklaryny güýçlendirip, pudagara hyzmatdaşlygyň has-da ýakyndan alnyp barylmagyny şertlendirýär.
1991-nji ýylda döredilen Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy ýurduň gümrük ulgamynyň işini dolandyrýar.