Hazar deňziniň kenaryndaky Türkmenbaşy Halkara deňiz porty häzirki wagtda doly güýjünde işleýän Gyrgyzystan-Özbegistan-Türkmenistan-Azerbaýjan-Ýewropa Bileleşigi ulag geçelgesiniň möhüm bölegini emele getirýär. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi habar berýär.
Bu ulag geçelgesi Gyrgyzystandan ýükleri Türkmenistana, hususan-da, Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna, ondan aňryk Ýewropa we Russiýanyň Astrahan ülkesine ibermek maksady bilen Hazar deňziniň üstünden Azerbaýjanyň Alýat portuna geçirmäge mümkinçilik berýär.
Gyrgyzystanly ýük daşaýjy kompaniýalar öz ýüklerini Ýewropa daşamak üçin bu ulag ugrundan işjeň peýdalanýarlar diýip, Gyrgyz Respublikasynyň ulag we kommunikasiýalar ministriniň orunbasary Beknazar Bazaraliýew belledi. Bu ulag ugry Gyrgyzystandan başlanyp, Özbegistanyň we Türkmenistanyň üstünden geçýär, deňiz ýoly bilen Azerbaýjana ýetenden soň bolsa Ýewropa uzaýar.
Bişkek şäheri bilen Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna çenli aralyk 2500 kilometre ýetýär. B.Bazaraliýew bu ýoluň, hususan-da, Demirgazyk – Günorta ulag geçelgesiniň işe girizilmeginiň meýilnamasynyň çäklerinde söwda gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek üçin täze mümkinçilikleri açýandygyny nygtady.
Bu ugur Aziýany Ýewropa bilen özara baglanyşdyrýan has giň gerimli Aziýa-Ýuwaş umman sebiti-Hytaý-Gyrgyzystan-Özbegistan-Türkmenistan-Azerbaýjan-Gruziýa-Türkiýe-Ýewropa ulag geçelgesiniň hem möhüm bölegi bolup durýar.
Türkmenbaşy halkara deňiz porty Hazar deňziniň gündogar kenarynda ýerleşmek bilen Merkezi Aziýa bilen Ýewropany deňiz, ýol we demir ýol ulaglary bilen birleşdirýän “Deňiz derwezesi” bolup, dürli görnüşli halkara ýükleri daşamakda sebitiň iň uly tranzit merkezi bolup hyzmat edýär.