Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Mongoliýanyň ilçileri 2025-nji ýylda geçiriljek möhüm çäreleri ara alyp maslahatlaşmak üçin duşenbe güni Belgiýanyň paýtagty Brýusselde Ýewropa Parlamentiniň daşary işler boýunça komitetiniň başlygy Dewid Makkalister bilen duşuşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasy habar berýär.
Gepleşikler, hususan-da, ÝB-niň we Merkezi Aziýanyň Owganystan boýunça ýörite wekilleriniň 6-njy duşuşygynyň, “ÝB-MA” formatyndaky ministrler derejesindäki 20-nji maslahatyň hem-de şu ýylyň baharynda Özbegistanda geçiriljek “ÝB-MA” sammitiniň guramaçylyk meselelerini maslahatlaşmaga bagyşlanyldy.
D.Makkalister halkara syýasatda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň strategik ähmiýetini belläp, Ýewropa Parlamentiniň sebit ýurtlarynyň parlament edaralary bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygyny beýan etdi.
Gatnaşyjylar “Merkezi Aziýa – 2040” başlangyjynyň, 2025 – 2027-nji ýyllar üçin Ýol kartasynyň möhüm ähmiýete eýedigini, şeýle hem Merkezi Aziýanyň we Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynyň arasynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ýardam edýän “MA+” görnüşdäki dialogyň netijelidigini bellediler.