Azyk önümlerini öndürýän türkmen kompaniýalary 3 – 7-nji fewral aralygynda Moskwa şäherinde geçirilýän halkara sergä gatnaşýarlar. Bu barada serginiň resmi web-saýtynda habar berilýär.
Sergide Türkmenistanyň “Ýüpekçi” kompaniýasy özüniň öndürýän alkogolsyz miwe suwlaryny we içgilerini tanyşdyrýar. Konditer önümleri bölüminde bolsa, “Akgar”, “Altyn Ýunus”, “Balam”, “Bars”, “Hasar”, “Kilwan” we “Täze Aý” kärhanalary öz önümlerini görkezýärler.
“Prodekspo” esasy sarp edilýän harytlardan we içgilerden başlap, del nygmatlara çenli dünýäniň ähli ýerinden azyk önümleri, 30-dan gowrak ýurtdan organiki we sagdyn iýmitleri, halal hem-de berhizlik harytlary, şeýle hem alokogolly içgileri we çakyrlary özünde jemleýän sergidir.
Sergi täze önümleri we harytlyk nyşanlary işe girizmek üçin möhüm meýdança bolup durýar. Onda her ýylda tanyşdyrylýan ähli önümleriň ortaça 14 göterimi ilkinji gezek görkezilýän harytlardyr. Sergi federal möçberdäki düzümlere harytlary iberýän önüm öndürijiler we üpjün edijilerden başlap, restoranlara seýrek tapdyrýan önümleri hödürlemäge çenli dürli mümkinçilikleri hödürleýär.
Sergä 3200-den gowrak kompaniýa dünýäniň 36 ýurdundan gatnaşdylar.