Aşgabatda hil ölçegleri we sertifikasiýa boýunça halkara maslahaty geçiriler

Aşgabatda 29-30-njy aprel aralygynda «Türkmenistanda halkara ülňülerine laýyk gelýän hil üpjünçiligi» atly halkara maslahaty (QACIS 2025) geçiriler. Bu çäre sertifikasiýa pudagynyň öňdebaryjy bilermenlerini, işewürlik wekillerini, döwlet edaralarynyň hem-de halkara guramalarynyň işgärlerini bir ýere jemläp, önümleriň we hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak, halkara ülňüleri ornaşdyrmak we hil dolandyryş prosesleriniň sanlylaşdyrylmagy bilen baglanyşykly möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik döreder.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäginde geçirilýän bu maslahaty önümleriň we hyzmatlaryň hilini üpjün etmekde halkara hyzmatdaşlygynyň möhümdigini nygtaýar.

Maslahat öňdebaryjy pudak hünärmenleriniň, kadalaşdyryjy edaralaryň wekilleriniň, önüm öndürijileriň we sarp edijileriň duşuşyp, bilelikde:

- sertifikasiýa we önümleriň bellikli bolmagy bilen baglanyşykly dünýä tendensiýalary, kynçylyklar we döwrebap çözgütler bilen tanyşmagyna;

- halkara ülňülerine düşünmegi kämilleşdirmäge;

- ýokary hilli önümleri üpjün etmek we olary halkara ülňülerine laýyk getirmek boýunça global hyzmatdaşlygy ösdürmäge mümkinçilik berer.

Maslahatyň çäklerinde sergiler guralyp, ol ýerde sertifikasiýa pudagyndaky iň täze tehnologiýalar görkeziler. Şeýle hem ISO, TÜV, CE, FDA ýaly öňdebaryjy halkara sertifikasiýa guramalarynyň stendleri ýerleşdiriler. Fair Trade, Energy Star, Organic ýaly häzirki zaman sertifikasiýa bellikleri bilen tanşylmaga mümkinçilik bolar.

Çäräniň maksatnamasynda şeýle-de, sertifikasiýa bilen baglanyşykly möhüm meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagy meýilleşdirilýär. Bu ýerde halkara we milli kadalaryň utgaşdyrylmagy, blokçein tehnologiýasynyň, smart-bellikleriň we QR-kodlaryň ornaşdyrylmagy ýaly innowasion çözgütler ara alnyp maslahatlaşylar. Gatnaşýanlar üçin halkara sertifikatlaryny almak we hil dolandyryşyna sanly çözgütleri ornaşdyrmak boýunça okuw maslahatylary hem guralar.