2023-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, "Deniz Söwda floty" ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň "Balkan" gämisini Türkmenbaşy - Baku - Türkmenbaşy ugry boýunça konteýner daşamak üçin fider gatnawlaryny amala aşyrar.
Halkara fider daşamalary ýükleri konteýnerlerde kadaly gämi ugurlarynda netijeli daşamaga mümkinçilik berýär. Bu netijeli gural bolmak bilen, ýola goýulýan fider ugry ýüküň eltilip berilmegini hem ýüki ugradyjy, şeýle hem ýüki daşaýjy üçin bähbitli edýär.
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda her ýylda 400 000 sany konteýneri işläp geçirmek üçin ähli şertler döredilendir. Konteýner terminalynda oturdylan STS görnüşdäki ýük göteriji kranlar her sagatda 15 konteýneri geçirmäge ukyplydyr. Şeýle hem konteýnerleriň eýeleriniň rahatlygy üçin Konteýner terminalynda konteýnerleri tölegsiz saklamagyň wagty 60 gije-gündize çenli köpeldilendir.
Daşamalaryň fider ulgamy, ilkinji nobatda, deňizde ýük daşaýan kompaniýalar tarapyndan, aýratyn-da, deňiz ulagy arkaly konteýnerlerde kadaly gämi ugurlarynda daşalýan ýükleri toplamak we çykarmak üçin ulanylýar.
Onuň esasy artykmaçlygy bahasynyň elýeterliligi, gämileriň tiz wagtda işlenilmegidir, bu bolsa olaryň portda boş ýere garaşyp durmagyny aradan aýyrýar. Bu şeýle hem ýükleriň eltip berilme möhletini gysgaltmaga ýardam eder.
** Konteýnerleriň deňiz arkaly Türkmenistanyň üsti bilen daşalmagy üçin nyrhlar: **
- konteýner 20 fut - 220 ABŞ dollary,
- konteýner 40 fut - 270 ABŞ dollary,
- konteýner 45 fut - 320 ABŞ dollary.
Fider konteýnerleri daşamak bilen baglanyşykly ähli soraglar we ýüzlenmeler üçin «Türkmenistanyň ulag logistika merkezine» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine ýüz tutup bilersiňiz.