2025-nji ýylyñ 15-nji aprelinde "Awaza" milli syyahatçylyk zolagyndaky "Deňiz" myhmanhanasynda "Oakeshott Insurance" kompaniýasynyñ wekili tarapyndan ätiýaçlandyryş boýunça okuw maslahaty öz işine başlady. Okuw maslahata "Türkmendeňizderýaýollary" agentliginiň we onuň garamagyndaky edara kärhanalaryň degişli hünärmenleri gatnaşýar.
Okuw maslahatyň dowamynda halkara bilermeni tarapyndan deňiz ulaglarynda ätiýaçlandyryş boýunça dürli maglumatlar bilen paýlaşyldy. Hususan-da gämi ätiýaçlandyrmasy we adatdan daşary hadysalarda ujypsyz töleg bilen ep-esli gymmatly emlägi zyýan çekmekden goramak boýunça dürli maglumatlary berildi.
"Oakeshott Insurance" kompaniýasy 1993-nji ýylda döredilip, häzirki wagtda dünyäniñ 20-den gowrak ýurdunda iş alyp barýar.
Okuw maslahaty 15-16-njy apreli aralygynda, 2 gün öz işini dowam eder.