Bütindünýä gümrük guramasynyň (BGG) Ýewropa sebit döwletleri Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Okuw merkezine Sebitleýin okuw merkezi derejesini bermek hakynda teklibini biragyzdan makulladylar. Bu barada Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasy habar berýär.
Bu başlangyç BGG-niň Brýussel şäherindäki ştab-kwartirasynda geçirilen gurama agza ýurtlaryň gümrük gulluklarynyň ýolbaşçylarynyň maslahatynda öňe sürüldi. Bu maslahatda Türkmenistana Döwlet gümrük gullugynyň başlygynyň orunbasary Muhammet Muhammedowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet wekilçilik etdi.
Türkmen wekiliýetiniň agzasy Kerim Ahmedow gün tertibiniň esasy meseleleri boýunça çykyş edip, döwrebaplaşdyrylan Okuw merkeziniň tehniki mümkinçilikleri, durmuşa geçirilýän okuw maksatnamalary hem-de ornaşdyrylan sanly çözgütler barada gürrüň berdi.
Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Palwanow özüniň çykyşynda bu başlangyjy goldandyklary üçin ýurtlaryň wekiliýetlerine hoşallyk bildirdi. Bellenilişi ýaly, sebit merkezi derejesi Türkmenistana degişli ugurda işgärleriň mümkinçiliklerini ösdürmek, Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda söwda-logistika gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmak işlerini mundan beýläk-de işjeňleşdirmäge mümkinçilikleri döreder.
Bu hukuk derejesini resmi taýdan resmileşdirmek işlerini iýun aýynda – BGG-niň her ýylda geçirilýän mejlisiniň çäklerinde geçirmek meýilleşdirilýär. Şonda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen bu guramanyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekmek göz öňünde tutulýar.
Bütindünýä gümrük guramasy halkara düzüm hökmünde dünýäniň gümrük gulluklarynyň işini utgaşdyrýar. Gurama gümrük ülňülerini işläp taýýarlamak, söwdany ösdürmek, bikanun serişdeleriň söwdasyna garşy göreşmek, gümrük dolandyryş ulgamynda ýurtlaryň arasynda hyzmatdaşlygy berkitmek babatda işleri alyp barýar. Guramanyň ştab-kwartirasy Belgiýanyň Brýussel şäherinde ýerleşýär.