Belarussiýanyň Köpugurly haryt biržasy (BKHB) öz öndürýän önümlerini satmaga ýa-da Belarussiýadan haryt satyn almaga gyzyklanma bildirýän Türkmenistanyň işewür toparlaryna “bitewi penjire” bolmaga taýýar. Bu barada BKHB-niň müdiriýetiniň başlygynyň kömekçisi Ýaroslaw Kowalçuk Aşgabatda geçirilen “Halkara söwda we hyzmatlar” atly halkara sergi-ýarmarka gatnaşmagynyň jemleri boýunça metbugat beýanatynda mälim etdi diýip, “BELTA” habarlar gullugy haryt biržasynyň metbugat gullugyna salgylanyp anna güni habar berdi.
BKHB geleşikleriň sanyny artdyrmak, şol sanda özara söwda gatnaşyklarynda hereket edýän harytlaryň görnüşlerini giňeltmek boýunça türkmen işewürleri bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýär.
Ý.Kowalçuk Belarusuň ähli esasy önüm öndürijileriniň we sarp edijileriniň hasaba alynmagy bilen birža ýüz tutýan türkmen kärhanalary ýurduň ähli bazaryna hem-de eltip bermek hyzmatynyň bahalary we şertleri baradaky maglumatlara elýeterliligi gazanýarlar. Munuň özi olaryň Belarussiýadaky işini ep-esli ýeňilleşdirýär.
Häzirki wagtda Belarus bilen Türkmenistanyň arasyndaky birža söwda dolanyşygynda esasy haryt belarus agaç önümleri bolup durýar.
Şunuň bilen bir hatarda, BKHB-niň wekiliniň pikirine görä, dokma we azyk önümler Türkmenistandan import etmäge geljegi uly harytlar bolup durýar. Şunuň bilen birlikde, “ITSE 2025” sergisiniň çäklerinde türkmen önüm öndürijileriniň birnäçesi bilen bu harytlary Belarussiýanyň birža platformasyna girizmek maksady bilen gepleşikler geçirildi.
BKHB-niň wekilleriniň Aşgabada saparynyň çäklerinde olaryň Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşygy geçirildi. Onda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, şol sanda iki ýurduň birža meýdançalarynyň netijeliligini we bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.