Türkmenistan we Birleşen Arap Emirlikleriniň “Etihad Rail” milli demir ýol operatory ulag-logistika ulgamynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň, şol sanda bilelikdäki infrastruktura taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçiliklerini maslahatlaşdylar.
BAE-niň Türkmenistandaky ilçihanasynyň habar bermegine görä, maslahatlaşmalar çarşenbe güni Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommuniasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýewiň Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky ilçisi Ahmed Al-Hameli hem-de “Etihad Rail” kompaniýasynyň wekiliýeti bilen bolan duşuşygynyň dowamynda geçirildi.
Şeýle hem şol gün Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň “Etihad Rail” kompaniýasynyň halkara aragatnaşyklar boýunça ýerine ýetiriji direktory Tarik Mohammed Al Falahi bilen duşuşygy geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda demir ýol, deňiz we howa ulagy ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerine hem-de port düzümlerine aýratyn ünsi çekýän ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn ulag-aragatnaşyk gatnaşyklaryny ösdürmegiň meselelerine garaldy.
“Etihad Rail” – bu Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) ähli ýedi emirligini birleşdirýän we ýurduň daşyna hem çykýan döwrebap, durnukly, ýokary netijeli ulag ulgamlaryny döretmäge gönükdirilen milli demir ýol taslamasydyr.