Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow duşenbe güni Pariž şäherinde Fransiýa Respublikasynyň Prezidenti Emmanuel Makron bilen geçiren duşuşygynda Türkmen-fransuz işewürler geňeşini döretmek we bu geňeşe ýolbaşçylyk etmek üçin iki tarapdan tejribeli işewürleri bellemek baradaky teklipleri beýan etdi. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow penşenbe güni geçirilen Hökmüet mejlisinde mälim etdi.
Geçirilen gepleşikleriň dowamynda sebit we halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle hem sebit döwletleri bilen Fransiýanyň arasyndaky özara gatnaşyklary berkitmäge gönükdirilen hyzmatdaşlygyň täze “Merkezi Aziýa — Fransiýa” formatyny döretmegi teklip etdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideri möhüm başlangyçlary, şol sanda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-fransuz toparynyň işini güýçlendirmek hem-de onuň çägine ylmy-tehniki we medeni-ynsanperwer ugurlary goşmak baradaky başlangyçlary-da öňe sürdi. Şeýle hem maýa goýum gatnaşyklaryny işjeňleşdirmegiň we maliýe-bank ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň möhümdigi bellenildi.
40 sany fransuz kompaniýasynyň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen Türkmen-fransuz ykdysady forumy saparyň möhüm wakalarynyň biri boldy.
Döwletara gatnaşyklaryň ösüşine täze itergi beren saparyň jemleri boýunça 9 sany ikitaraplaýyn resminama gol çekildi.
Hökümet mejlisinde şeýle hem şu ýylyň dört aýynda ýurtda ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlenildi.