Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 9-njy maýda Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli geçirilýän dabaralara gatnaşmak üçin Moskwa geldi. Bu barada “Izwestiýa” neşiri habar berýär.
Russiýanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň habar bermegine görä, dabaralara 27 döwletiň ýolbaşçylary gatnaşýarlar. Belarusuň, Gyrgyzystanyň, Müsüriň, Özbegistanyň, Täjigistanyň Prezidentleri hem-de Aziýa, Afrika, Latyn Amerika ýurtlarynyň, şol sanda Hytaýyň, Hindistanyň, Braziliýanyň, Kubanyň, Serbiýanyň, Wýetnamyň we Efiopiýanyň ýolbaşçylary Moskwa şäherine eýýäm geldiler.
Türkmenistanyň Hormat garawuly rotasy hem Ýeňiş güni mynasybetli geçirilýän dabaralara gatnaşýar.
Geçen ýyl Serdar Berdimuhamedow Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli dabaralara hormatly myhman hökmünde gatnaşypdy.