Türkmen wekiliýeti Hytaý Halk Respublikasynda logistika boýunça okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň ýanyndaky ulag we kommunikasiýalar agentliginiň wekilleri, ýurdumyzyň degişli edara kärhanalarynyň wekilleri bilen birlikde "Akylly logistikany dolandyrmak" boýunça okuw maslahata gatnaşýarlar. Bu okuw maslahaty Hytaý Halk Respublikasynyň Sindao şäherinde geçirilip, ol 2024-nji ýylyň 12 nji maýynda başlandy. Okuw maslahaty 26-njy maýa çenli 2 hepde dowam eder.

 Okuw maslahaty Şandun daşary söwda ýörite okuw mekdebiniň (Шаньдунский профессиональный колледж внешней торговли) professor-mugallymlary tarapyndan geçirilýär.

Okuw maslahatynyň dowamynda oňa gatnaşyjylar akylly logistikany ösdürmekde, sanly logistika zynjyryny düzmekde, ulag pudagyna sanly ulgamy ornaşdyrmakda we deňiz portlaryny dolandyrmakda Hytaýyň tejribesini öwrenerler.

Şeýle-de, saparyň dowamynda ýerli logistika kompaniýalarynyň we logistika parklarynyň işi bilen ýerinde tanyşmak we Şanhaý erkin ykdysady zolagyna baryp görmek meýilleşdirilýär.