Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň başlygy Rahymberdi Jepbarow we OPEK Gaznasynyň ýolbaşçysy doktor Abdulhamid Al-Halifa hyzmatdaşlygy ösdürmek meseleleri boýunça gepleşikleri geçirdiler. Taraplar bilelikdäki başlangyçlary utgaşdyrmaga gönükdirilen başýyllyk meýilnama – ýurt boýunça hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň çäklerinde özara gatnaşyklaryň geljegini maslahatlaşdylar diýip, gaznanyň metbugat gullugy penşenbe güni habar berdi. Bu barada Biznes Turkmenistan resmi saýty habar berýär.
2024-nji ýylyň 25-nji iýunynda Türkmenistanyň Hökümetiniň we OPEK Gaznasynyň arasynda gol çekilen resmileşdirilen hyzmatdaşlyk Maksatnamasy özara gatnaşyklaryň möhüm ugurlaryny kesgitlemek bilen ösüş babatda köpugurly maliýe edaralary bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge gönükdirilendir.
Türkmenistan bilen 1999-njy ýyldan bäri hyzmatdaşlyk edip gelýän OPEK Gaznasy ulag, saglygy goraýyş, suw üpjünçilik we arassaçylyk desgalary ýaly ugurlardaky taslamalara maliýe serişdeleri hödürleýär.
OPEK guramasyna agza ýurtlar tarapyndan 1976-njy ýylda döredilen halkara ösüş üçin OPEK Gaznasy pes we orta girdejili döwletlere goldawlary berýär. Ştab-kwartirasy Wena şäherinde ýerleşýän gurama dünýäniň 125-den gowrak ýurdunda taslamalary maliýeleşdirdi.