“Merkezi Aziýa-Italiýa” sammiti 30-njy maýda Astana şäherinde geçiriler

Merkezi Aziýanyň Baştutanlary bilen Italiýanyň Premýer-ministri Jorji Meloniniň gatnaşmagynda ilkinji “Merkezi Aziýa-Italiýa” sammiti 30-njy maýda Astana şäherinde geçiriler. Şol gün Italiýanyň hökümetiniň baştutany Gazagystana resmi saparyny amala aşyrar. Bu barada qazinform.com metbugat gullugy habar berýär.

Ilkibaşda, bu sammiti hem-de Jorji Meloniniň Özbegistana we Gazagystana sapary hem-de “Merkezi Aziýa-Italiýa” sammitini 25-27-nji aprelde geçirmek göz öňünde tutulypdy. Ýöne 21-nji aprelde Rim Papasynyň aradan çykmagy bilen bu sapara yza süýşürilipdi.

Merkezi Aziýa döwletleri – Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň Liderleri bilen beýleki döwletleriň arasyndaky bu görnüşdäki sammitler birnäçe ýyldan bäri geçirilýär. Şeýle görnüşdäki duşuşyklar sebitiň daşary işler ministrleriniň derejesinde hem guralýar.Astana şäherinde tomus paslynda “Merkezi Aziýa-Hytaý”, güýzde bolsa, Duşanbe şäherinde “Merkezi Aziýa-Russiýa” sammiti geçirmek meýilleşdirilýär.