Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow türkmen halkynyň milli baýramy bolan Gurban baýramy mynasybetli 2025-nji ýylyň 9-njy iýunyna düşýän duşenbe gününi dynç güni diýip yglan etmek hakynda Permana gol çekdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty penşenbe güni habar berdi.
Bu resminama jemgyýetiň ruhy-ahlak binýadyny berkitmäge, gadymdan gelýän milli däp-dessurlary yzygiderli ösdürmäge hem-de her bir türkmen raýaty üçin aýratyn ähmiýetli bolan günlerde baýramçylyk gurşawyny döretmäge gönükdirilendir.
Şu ýyl Gurban baýramy 6-njy, 7-nji we 8-nji iýunda bellenilýär. Şunuň bilen baglylykda, 8-nji iýuna – ýekşenbe gününe düşýän dynç güni duşenbe güne, ýagny 9-njy iýuna geçirilýär.
Şu Permanyň ýerine ýetirilmegini eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli edaralar, kärhanalar we guramalar üpjün etmelidirler.