Türkmenistanda söwda ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagy boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar

Türkmenistanda söwda ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmegi we döwrebaplaşdyrmagy, ýokary hilli, ekologiki taýdan arassa, bäsdeşlige ukyply dokma we haly önümlerini, hususy önüm öndürijileriň dürli görnüşli harytlaryny dünýä bazarlaryna çykarmagy, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegi ugur edinýän giň gerimli işler alnyp barylýar – diýip, TDH agentligi habar berýär.

Häzirki wagtda ştrih-kodlar bilen bellemek ulgamyny ornaşdyrmak boýunça uly işler alnyp barylýar. Ýurduň içerki öndürijileri tarapyndan öndürilýän on müňlerçe haryda degişli belgiler berildi. Türkmenistanyň GSI halkara ulgamyna goşulmagy hem ýurdumyzyň halkara söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň ygtybarly we jogapkärli gatnaşyjysy hökmünde ykrar edilýändigini görkezýär.

Ýokary hilli türkmen harytlarynyň önümçiliginiň möçberiniň, olara bolan islegiň artýandygyny göz öňünde tutsak, önümler üçin ştrih kodlaşdyryş ulgamynyň ornaşdyrylmagy bilen, söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek, eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak, harytlaryň görnüşlerini köpeltmek üçin täze mümkinçilikler açylýar.

Bazar ykdysadyýetine geçiş döwründe Türkmenistanda söwda gatnaşyklarynyň birža söwdasy ýaly görnüşleri ösüp başlady.

Önümleriň importyna we eksportyna täsir edýän dürli şertleri derňäp, Döwlet haryt-çig mal biržasy ýurtda importyň hem eksportyň maksadalaýyklygyny kesgitleýär, eksport edilýän harytlaryň bahalaryna gözegçilik edýär.

Halkara tejribä esaslanyp, TDHÇMB Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistany dünýäniň ykdysady ulgamyna üstünlikli goşmak üçin haryt bazaryny mundan beýläk-de ösdürmek, daşary söwda amallaryny höweslendirmek, harytlaryň eksport möçberini artdyrmak boýunça öňde goýan wezipeleri esasynda amala aşyrýar.

Şeýle-de, Biržanyň işini kadalaşdyrýan kanunçylyk döwletiň bähbitlerine we döwrüň talaplaryna laýyklykda yzygiderli kämilleşdirilýär.

Şu ýylyň bäş aýynda Döwlet haryt-çig mal biržasy tarapyndan 124 sany birža söwdasy geçirilip, olarda 11 müň 714 şertnama hasaba alyndy.