Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň başlygynyň söwda we dokma senagatyna gözegçilik edýän orunbasary bilen duşuşdy

2025-nji ýylyň 10-12-nji iýunynda Daşkent halkara maýa goýum forumynyň çäginde Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirzoýew Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň başlygynyň söwda we dokma senagatyna gözegçilik edýän orunbasary   Nokerguly Atagulyýew bilen duşuşdy diýip, Özbegistanyň resmi web sahypasy habar berýär.

Duşuşygyň başynda wise-premýer Özbegistanyň baştutanyna Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowdan we Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan salam we iň gowy arzuwlar bilen ýüzlendi.

Taraplar özbek-türkmen dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk we strategiki hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek we berkitmek bilen baglanyşykly häzirki meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Söwda-ykdysady, ulag we aragatnaşyk, energiýa we suw dolandyryş ugurlarynda giň gerimli hyzmatdaşlygyň täze gün tertibiniň döredilmegine we ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga aýratyn üns berildi.