2025-nji ýylyň 11-nji iýunynda “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher Geňeşiniň bilelikde gurnamagynda Türkmenbaşy şäherindäki deňizçilik orta hünär okuw mekdebiniň mejlisler zalynda “Sanly ykdysadyýet arkaly durnukly ösüşiň täze belentliklerine tarap”atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahata Türkmenbaşy şäherindäki deňizçilik orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlary, talyp ýaşlary hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdy.
Maslahatda ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän ylym-bilim syýasatynda, ykdysady we medeni-durmuş ulgamlarynda döwlet maksatnamalaryny üstünikli durmuşa geçirmek, hünärmenleriň gözýetimini giňeltmek, döwrebap tehnologiýalardan peýdalanmak, sanly ykdysadyýet ulgamyny ösdürmek, ýaş alymlary, ýokary bilimli we hünärli işgärleri taýýarlamk ugrunda alnyp barylýan işler barada çykyş etdiler. Maslahatyň dowamynda maslahata gatnaşyjylar şeýle mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagly Serdarymyza özleriniň çäksiz alkyşlaryny aýtdylar.