Täsirli geçen bäsleşik

Halkara zenanlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we Kommunikasiýalar agentliginiň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň bilelikde guramaklarynda paýtagtymyzyň «Gülzemin» söwda-dynç alyş merkeziniň «Altyn» toý mekanynda "Hünärim bar - Hormatym bar" bäsleşiginiň jemleýji tapgyry guraldy.

Ozal habar berlişi ýaly, şu ýylyň 9-njy fewralynda ýaryşyň birinji tapgyry geçirildi.

Ýaryşa her edaradan birinji tapgyryň üç ýeňijisi gatnaşdy. Jemi ýaryşa 15 gelin-gyzlarymyz gatnaşdylar. Bäsleşik 5 şertden ybarat bolup, oňa gatnaşyjylar özleriniň hünärleri, el işinde zehinleri, döredijilik we aşpezlik ussatlyklaryny beýan etdiler. Gelin-gyzlarymyzyň  her biri öz saýlan hünäri we ýurdumyzyň ösüşine goşýan goşantlary barada gürrüň berdiler. Şeýle hem, zenanlaryň häzirki döwrüň jemgyýetindäki ornuny we ähmiýeti barada beýan etdiler.

Ýaryşyň netijesinde Baş baýraga “Türkmenawtoulaglary” agentligi, birinji orna “Türkmenhowaýollary” agentligi, ikinji orna “Türkmenaragatnaşyk” agentligi, üçünji orna bolsa “Turkmendeňizderyayollary” we “Turkmendemiryollary” agentlikleri mynasyp boldular. Ýeňijiler gymmat bahaly sowgatlar hem-de hormat hatlary bilen sylaglandylar.