Täze Zelandiýada Türkmenistanyň ilkinji ilçisi akkreditirlendi

Türkmenistanyň Täze Zelandiýadaky Ilçisi Atadurdy Baýramow resmi taýdan wezipesine kabul edilip, şol ýurtdaky ilkinji diplomatik wekil hökmünde taryha girdi. Bu barada Täze Zelandiýanyň General-gubernatorynyň metbugat gullugy çarşenbe güni habar berdi.

Resminamanyň gowşurylyş dabarasy ýurduň Hökümetiniň Wellingtondaky rezidensiýasynda geçirildi. Türkmen ilçisi ynanç hatyny Täze Zelandiýanyň General-gubernatory Sindi Kiro gowşurdy. Atadurdy Baýramow Täze Zelandiýadaky işleri bilen bir hatarda, öňki diplomatik wezipesi bolan Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi wezipesini hem dowam etdirer.

Ilçiniň bu wezipä bellenilmegi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 2025-nji ýylyň 27-nji aprelinde çykaran Permany esasynda resmi taýdan tassyklanyldy. Bu ädim ýurduň Aziýa-Ýuwaş ummany sebitindäki diplomatik gatnaşyklary giňeltmek ugrunda möhüm tapgyr boldy.

Dabara Polşa, Türkiýe, Maldiw we Solomon adalaryndan hem diplomatik wekilleri gatnaşdylar. Çäräniň maksatnamasyna maori medeniýetiniň alamatlary, şol sanda milli “hongi” garşy alyş däbi hem girizildi.