II «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş - 2023» Halkara maslahaty we sergisi - Aşgabat, 2023-nji ýylyň 3-4-nji maýy.

Ikinji «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş - 2023» Halkara maslahaty we sergisi 2023-nji ýylyň 3-4-nji maýynda Aşgabatda geçiriler.

Maslahatyň çäklerinde “Ulag we logistika” ady bilen halkara ýöriteleşdirilen sergisiniň  guralmagy meýilleşdirilýär. Halkara Maslahatyň maksady pandemiýadan soňky dikeldiş döwründe netijeli halkara ulag we üstaşyr geçelgelerini ösdürmekden, şeýle hem, Türkmenistanyň halkara guramalarynyň, logistika kompaniýalarynyň, döwlet edaralarynyň arasyndaky halkara hyzmatdaşlygyny berkitmek ýaly möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmakdan ybaratdyr.

Maslahatyň dowamynda şu aşakdaky temalarda meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagy meýilleşdirilýär.

• Ulag we logistika pudagynyň pandemiýadan soňky dikelişi: täze wehmler we mümkinçilikler;

• Ulag we aragatnaşyk toplumyny sanlylaşdyrmak: geljekki wezipeler

• Durnukly ulag ulgamynyň ekologik taraplary, ýaşyl infrastrukturany ösdürmekde döwlet-hususy hyzmatdaşlygyň orny

• Ulag we aragatnaşyk toplumynyň ösüşinde ylymyň we bilimiň orny

         ITTC - 2023 maksatnamasyna laýyklykda, maslahatyň we serginiň çäklerinde halkara Ähtnamalara we şertnamalara gol çekmegi, tegelek stollary geçirmegi göz öňünde tutulýar, bu ýerde ýerli we daşary ýurtly hünärmenler ulag we logistika pudagynda häzirki zaman tehnologiki çözgütleri hödürlär, şeýle hem, myhmanlar üçin Türkmenbaşy halkara deňiz portuna, awtobana, Aşgabat halkara howa menziline syýahat guralar.

Maslahata Türkmenistanyň hökümetiniň ýokary derejeli wekilleri, milli we halkara ulag kompaniýalarynyň ýolbaşçylary, logistika guramalarynyň we iri halkara maliýe guramalarynyň ýolbaşçylary gatnaşar.

         Şeýle hem, foruma "Türkmendeňizderýaýollary" Agentliginiň hyzmatdaşlary bolan Vitol, Albaýrak Group, Baku porty, "Býuro Veritas Marine Gazagystan" klassifikasion jemgyýeti, Ferry Chart, Anipra Impex Ltd., Damen Shipyard, “Hytaý Maşyngurluşyk Engineering Korporasiýasy” (CMEC), Qingzhou Golden Julong equipment manufacturing Co. Ltd, "Ak Bars" Paýdarlar jemgyýeti, Transgroup Systems L.p., APM Terminals Poti (Poti Sea Port Corporation) we başgada birnäçe meşhur halkara kompaniýalary gatnaşarlar.

Maslahatyň çäklerinde geçiriljek işewürlik duşuşyklary, wekilleriň halkara ulag pudagyna maýa goýum goýmaklygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmaga we uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň geljegini kesgitlemeklige ýardam berer.

Has giňişleýin maglumat üçin: http://itcc2022.turkmen-forum.com/ web sahypasynda we info@turkmen-forum.com elektron poçtasyna ýüz tutup bilersiňiz.

Habarlar
30 Noý 2023
«Astrakhan Porty» täze gämi gatnaw kompaniýany döretdi
29 Noý 2023
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň «Deňizçi» futzal topary dördünji gezek ýurdumyzyň Naýbaşy ligasynyň ýeňijisi boldy
26 Noý 2023
Aşgabatda Bütindünýä durnukly ulag güni mynasybetli halkara forum geçirildi
25 Noý 2023
"Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi" açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Astrahan we Mahaçkala portlaryndan Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň üsti bilen däne önümlerini multimodal görnüşde daşamak üçin nyrhlary hödürleýär.
25 Noý 2023
"Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi" açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Russiýanyň Astrahan we Mahaçkala portlaryndan Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň üsti bilen geçirilýän konteýner ýükleri üçin täzelenen nyrhnamalary hödürleýär
23 Noý 2023
Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň başlygy Londonda geçirilen maýa goýum forumynda çykyş etdi
21 Noý 2023
“Turkmendenizderyayollary” administrasiýasynyň hünärmenleri Aktau teswirnamasynyň çäginde “Hazar deňzi ALPHA / BRAVO” atly bäşinji türgenleşige gatnaşdylar
02 Noý 2023
Aşgabatda “Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy” 16-njy hyzmatdaşlyk Forumynyň çäklerinde “Ulag we logistika” atly 1-nji mejlisi geçirildi
01 Noý 2023
Translogistika Uzbekistan 2023
26 Okt 2023
“Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň Daşary ykdysady gatnaşyklar we logistika bölümi okuw seminaryny geçirdi