«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň çäginde, Özbegistan Respublikasynyň Ulag ministriniň orunbasary jenap Çoriýew Jasurbek Ergaşewiç «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodyna baryp gördi.
Sapar zawodyň ýolbaşçylary bilen bilelikde geçirildi. Saparyň dowamynda zawodyň infrastruktura kuwwaty, häzirki zaman tehnologiýalary we gämi gurluşygy we gämi abatlamak ýaly esasy önümçilik prosesleri myhmana ýakyndan tanyş edildi
Saparyň ahyrynda Özbegistan Respublikasynyň Ulag ministriniň orunbasary zawodyň işine ýokary baha berip, zawodyň işgärlerine iň gowy arzuwlaryny aýtdy we bu pudagy mundan beýläk-de ösdürilmeginiň we gülläp ösmeginiň möhümdigini belledi.