Transhazaryň optiki-süýümli kabelini çekmek üçin deňizasty ugurlary öwrenilýär

“Sanly Ýüpek Ýoly” taslamasynyň möhüm bölegi bolan Transhazar optiki-süýümli kabel geçirijini çekmek boýunça deňziň astyndaky ugurlary öwrenmek işleri başlady. Taslama, Ýewropa bilen Aziýany birleşdirjek täze sanly aragatnaşyk geçelgesini döretmäge gönükdirilip, geljekde bu geçelge Azerbaýjanyň, Gazagystanyň we Türkmenistanyň çäginden geçiriler.

Gözleg işleri kenarýakada we deňziň astynda alnyp barylýar. Bu bolsa howpsuzlyk we ekologiýa taýdan durnuklylygy nazara almak bilen optiki-süýümli kabel geçirijini çekmek üçin iň amatly ugry kesgitlemäge mümkinçilik berýär. Işler häzirki wagtda Azerbaýjanda we Gazagystanda alnyp barylýar we olaryň dört hepdä çenli dowam etmegine garaşylýar. Bu barada Azerbaýjanyň Döwlet habarlar agentligi (AZERTAC) geçen çarşenbe güni habar berdi.

Deňziň astynda çekiljek 380 kilometrlik optiki süýümli kabel Azerbaýjanyň Sumgaýyt şäherini Gazagystanyň Aktau şäheri bilen birleşdirer. Geçiriş tizligi 400 Tbit/s bolan bu ulgam, uly möçberdäki maglumatlary çalt we ygtybarly geçirmek mümkinçiliklerini döredýär. Gurluşyk işlerini 2026-njy ýylyň ahyryna çenli tamamlamak meýilleşdirilýär. Taslamanyň ýerine ýetirijileri hökmünde “AzerTelecom” we “Kazakhtelecom” çykyş edýär, tehniki gözegçiligi bolsa  “Pioneer Consulting” amerikan kompaniýasy amala aşyrýar.

Transhazar geçirijisi Azerbaýjanyň, Gruziýanyň, Türkiýäniň, Gazagystanyň we Türkmenistanyň çäginden geçýän “Sanly Ýüpek Ýoly” geçelgesiniň bir bölegi bolar. Bu taslama ýokary geçiriş ukybyna eýe bolup, sebitleýin hyzmatdaşlygy giňeltmäge hem-de sanly infrastruktura ösüşini güýçlendirmäge hyzmat eder.