Gazagystanyň Borowoý şäherçesinde 2025-nji ýylyň 14-nji awgustynda Merkezi Aziýanyň döwletleriniň gatnaşmagynda Hökümetara utgaşdyrylan Suw Komissiýasynyň 90-njy mejlisi geçirildi.
Maslahata Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Türkmenistan we Özbegistanyň degişli ministrlikleriniň ýolbaşçylary gatnaşdy. Onda Syrderya we Amyderýa derýalarynyň suw serişdelerinden peýdalanmak, şeýle hem Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň başlangyçlarynyň ýerine ýetirilişi boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Mejlisiň gün tertibine: 2025-nji ýylyň wegetasiýa döwri üçin suw sarp ediş limitleri we suw howdanlarynyň dolandyrylyşy; MFSA boýunça döwlet Baştutanlarynyň sammitlerinde kabul edilen çözgütleriň ýerine ýetirilişi; guramaçylyk-düzüm we hukuk binýadyny kämilleşdirmek meseleleri girizildi.
Geçirilen mejlisiň netijesinde, ýurtlaryň arasynda maglumat alyş-çalyşygy güýçlendirmek hem-de suw serişdeleriniň dolandyrylyşynda utgaşykly çäreleri amala aşyrmak boýunça ylalaşyk gazanyldy.
Geljekki, 91-nji mejlis 2026-njy ýylda Türkmenistanda geçiriler.