Gazagystan Respublikasynyň Mangistau oblastynyň Žanaozen şäherini türkmen-gazak serhedi bilen birikdirýän gara ýolunyň abatlaýyş işleri başlandy. Bu barada çarşenbe güni “24KZ” teleýaýlymy habar berdi.
Umumy uzynlygy 164 kilometr bolan ýol böleginiň 114 kilometriniň durky täzelener we düýpli abatlaýyş işleri geçiriler, galan 50 kilometri bolsa täze asfalt bilen düşeler.
Meýilnama boýunça 2025-nji ýylda 60 kilometrlik ýoluň gurluşygyny tamamlamak we 100 müň tonna golaý asfalt düşemek meýilleşdirilýär. Taslama doly görnüşde 2026-njy ýylyň ahyrynda tamamlanar.
Prezident Kasym-Žomart Tokaýew degişli ýolbaşçylara gurluşygy bellenilen möhletde gutarmagy tabşyrdy. Taslama iki ýurduň arasynda söwda we logistika gatnaşyklarynyň ösdürilmegine gönükdirilýär. 2024-nji ýylyň netijelerine görä, iki ýurduň arasyndaky umumy söwda dolanyşygy 555 million ABŞ dollaryndan geçdi. Onuň 335 million dollary Gazagystandan Türkmenistana eksport edilen harytlardan, galan bölegi bolsa Türkmenistanyň Gazagystana iberen importyndan ybarat boldy.
Täze ýol sebitiň logistika, söwda we syýahatçylyk mümkinçiliklerini giňeltmegi maksat edinýär we iki ýurduň arasyndaky ykdysady gatnaşyklary ösdürmek üçin niýetlenilýär.