Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew anna güni türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň çakylygy esasynda iş sapary bilen Türkmenistana geldi. Bu barada Azerbaýjanyň Prezidentiniň resmi metbugat gullugy habar berýär.
Azerbaýjanyň Prezidentini Türkmenbaşy halkara howa menzilinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew hem-de beýleki resmi wekiller garşyladylar.
Saparyň çäklerinde Ilham Aliýew “Azerbaýjan – Türkmenistan – Özbegistan” formatyndaky üçtaraplaýyn sammite gatnaşar. Bu ýokary derejeli çäre “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriler.
2025-nji ýylyň 22-nji awgustynda Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem degişli çärä gatnaşmak üçin Türkmenistana sapar bilen geldi.