Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow anna güni “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň Kongresler merkezinde Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen ikiçäk hem-de giňişleýin düzüminde gepleşikleri geçirdi. Bu barada Özbegistanyň Prezidentiniň resmi metbugat gullugy habar berýär.
Taraplar türkmen-özbek gatnaşyklarynyň dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we strategik hyzmatdaşlyk esasynda mundan beýläk-de ösdürilmegi bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Iki ýurduň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ähli ugurlar boýunça ösýändigi bellenildi.
Duşuşykda şu ýylyň başyndan bäri ýurtlaryň arasyndaky söwda dolanyşygyň 700 million ABŞ dollaryna barabar bolandygy nygtaldy. Fewral aýyndan bäri ýurtlaryň arasynda erkin söwda hereket edýär, paýtagtlarda bolsa söwda öýleri açyldy. Şeýle hem, senagat, energetika, ulag, oba we suw hojalygy hem-de ykdysadyýetiň beýleki ugurlarynda birnäçe bilelikdäki taslamalar durmuşa geçirilýär. 2025-nji ýylda “Şawat – Daşoguz” söwda zolagynyň işe girizilmegi hem meýilleşdirilýär.
Duşuşygyň dowamynda taraplar Hökümetara toparlaryň we Işewürlik geňeşiniň işiniň ähmiýetini bellediler hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji konsultatiw duşuşygyna taýýarlyk işleri boýunça pikir alyşdylar. “Azerbaýjan – Türkmenistan – Özbegistan” formatyndaky gepleşikleriň işjeň we amaly ähmiýeti aýratyn bellenildi.
2025-nji ýylyň 22-nji awgustynda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen hem duşuşdy.