Aşgabatda Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersiteti açyldy

Türkmenistanynyň paýtagty Aşgabatda duşenbe güni Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň açylyş dabarasy geçirildi. Täze bilim ojagynyň açylyş dabarasyna Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Täze uniwersitet “Nur bina gurluşyk” hususy kärhanasy tarapyndan bina edildi. Uniwersitetiň binalar toplumy 9 gatly baş binany, 4 sany okuw binasyny, 2 sany her biri 300 orunlyk umumy ýaşaýyş jaýyny, mejlisler zalyny, kitaphanany, naharhanany, ýapyk we açyk sport desgalaryny öz içine alýar.

Okuw, iki derejeli ulgam, ýagny bakalawr hem-de magistr taýýarlygynyň ugurlary boýunça, türkmençe we iňlisçe dillerinde guralar. Okuw maksatnamasy teoriýany we amaly işleri öz içine alýar. Okuw maksanamanyň esasynda ýaşlara döwrebap tejribeler, telekeçiligiň hukuk we işewürlik esaslary, sanly tehnologiýalar eýýamynyň möhüm bilimleri öwrediler.

Ýurdumyzyň ilkinji hususy ýokary okuw jaýynyň gurluşynda 14 kafedra, 42 barlaghana we 6 sany fakultet göz öňünde tutulyp, olaryň hatarynda ykdysadyýet, sanly tehnologiýalar, binagärlik we gurluşyk, agrosenagatçylyk, şeýle-de daşary ýurt dilleri bölümi we hünär derejesini ýokarlandyryş merkezi bolar.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 2025-nji ýylyň 27-nji iýunynda Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetini döretmek hakynda Permana gol çekdi. Täze uniwersitet, Türkmenistanyň hususy pudagynyň eksport kuwwatyny artdyrmak, ykdysadyýeti ösdürmek we sanlylaşdyrmak üçin ýokary bilimli, kämil hünärmenler bilen üpjün etmek ýolunda möhüm ädimdir.