Ýaponiýanyň Ýokogama şäherinde “Japan International Cooperation Agency (JICA)” tarapyndan guralan «Trans Hazar halkara ulag geçelgesiniň ähmiýetini ýokarlandyrmak boýunça syýasat ulgamynda mümkinçilikleri pugtalandyrmak (ýaşyl logistika» atly iki hepdelik okuw maslahaty dowam edýär.
Bu okuw maslahatyna Türkmenistanyň Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň wekilleri hem gatnaşýarlar. Türkmenistanyň adyndan Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň wekili «Türkmenistanyň ulag-logistika mümkinçilikleri: Halkara Türkmenbaşy deňiz portunyň orny» atly çykyş bilen çykyş etdi.
Okuw maksatnamasy halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge, täze bilimleri we tejribäni paýlaşmaga, şeýle hem Türkmenistanyň deňiz logistikasynyň durnukly ösüşine gönükdirilendir.