Türkmenistan “C5+1” işewürlik maslahatyna gatnaşdy

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Waşington şäherinde ýerleşýän Jon Kennedi adyndaky Ýerine ýetirijilik sungaty merkezinde “Merkezi Aziýa — Amerikanyň Birleşen Ştatlary” hyzmatdaşlyk formatynyň döredilmeginiň 10 ýyllygy mynasybetli işewürlik maslahaty geçirildi. Ýokary derejede guralan bu çäre Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we ABŞ-nyň hemmetaraplaýyn gatnaşyklary, hususan-da, söwda-ykdysady, maýa goýum ýaly strategik taýdan ähmiýetli ugurlarda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga berk ygrarlydygyny görkezdi.

Çäräniň dabaraly maksatnamasynyň çäklerinde Merkezi Aziýa sebitiniň baý medeni mirasyny we ykdysady mümkinçiliklerini şöhlelendirýän sergi guraldy. Myhmanlar Türkmenistanyň sergi bölüminde ýurdumyzyň ýeten sepgitleri, ykdysadyýetde gazanan üstünlikleri, milli taryhy-medeni gymmatlyklary, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň kitaplary bilen tanyşdylar. Şeýle-de bu ýerde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Konsert sebitiň halklaryny baglanyşdyrýan çuňňur medeni gatnaşyklaryň aýdyň beýany bolup, tomaşaçylarda ýakymly täsirleri galdyrdy.

Forumyň açylyş dabarasynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Hökümetiniň wekilleri Merkezi Aziýa bilen özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan durnukly hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhüm ähmiýetini bellediler.

Soňra Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow altytaraplaýyn işewürlik maslahatynyň giň wekilçilikli düzümde geçirilmeginiň meýillerden anyk hyzmatdaşlyga geçmegi alamatlandyrýandygyny aýdyp, formatyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň möhüm ähmiýetini belledi. Nygtalyşy ýaly, şeýle hyzmatdaşlyk bilelikdäki iri taslamalary durmuşa geçirmek üçin zerur maliýe, guramaçylyk, tehniki we beýleki serişdeleri herekete getirmäge mümkinçilik berýär.

Öňdebaryjy tehnologiýalar, sanlylaşdyrmak, emeli aň, “ýaşyl” standartlar, energetika, ulag ulgamlary ykdysady hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Şunda energetika, ulag akymlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak, olaryň ygtybarlylygyny we durnuklylygyny üpjün etmek, ähli taraplaryň bähbitlerini nazara almak ýörelgelerine ygrarlylyk hyzmatdaşlygyň binýady bolup durýar. Hut şu çemeleşmeler esasynda Türkmenistan sebitde birnäçe iri energetika, logistika taslamalaryny amala aşyrýar. Şeýle-de Merkezi Aziýa ýurtlary bilen ABŞ-nyň arasyndaky özara söwdany işjeňleşdirmegiň, hyzmatdaşlygyň netijeli şertnama-hukuk binýadynyň döredilmeginiň möhümdigi bellenildi.