“Türkmendeňizderýaýollary” agentligi bilen "KOMEA" assosiasiýasynyň arasynda geçirilen duşuşyk.

2023-nji ýylyň 20-nji iýunynda “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň edara binasynda Agentligiň ýolbaşçylary bilen Koreýa Respublikasynyň «KOMEA» deňiz enjamlaryny öwreniş assosiasiýasynyň ýolbaşçylarynyň arasynda duşuşyk geçirildi. 

Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň deňiz ulag ulgamy barada,  gelejekde milli deňiz söwda flotuny, port ulgamyny ösdürmek boýunça göz öňünde tutulýan gämi gurluşyk taslamalary bilen giňişleýin tanyşdyrylyp, ikitaraplaýyn özara bähbitli hyzmatdaşlyklaryň ýola goýulmagy teklip edildi. 

KOMEA – Koreýa Respublikasynyň deňiz enjamlarynyň öwreniş assosasiýasy bolup, Koreýanyň Söwda, Senagat we Energetika ministrligine degişlidir. Assosasiýanyň agzalary 285-den gowrak agyr senagat önümçilik kompaniýalardan ybarat. Häzirki günde bolsa gämi gurluşygy üçin zerur bolan ähli döwrebap enjamlary we tehnologiýalary assosiasiýanyň öz mümkinçilikleri bilen öndürilýär we ornaşdyrylýar. Assosasiýa tarapyndan esasan gämi gurluşygynda taslamalaşdyrmak, ornaşdyrylýan enjamlary, materiallary üpjün etmek, ylmyň öňdebaryjy tilsimlerini girizmek, gämi gurluşygynda ugurdaş senagat önümçiligini ýurtda ornaşdyrmak ýaly hyzmatlar ýerine ýetirilýär.

Şeýle hem, duşuşygyň barşynda myhmanlar assosasiýasynyň ýerine ýetirýän wezipesi, Türkmenistan bilen Koreýanyň arasynda gämi gurluşyk babatda hyzmatdaşlygyň mümkin bolup biljek ugurlary, strategiki hyzmatdaşlygy, gury ýük we parom gämilerini bilelikde taslamalaşdyrmagyň we gurmagyň, hünärmenleri taýýarlamagyň, gämi gurluşyk tehnologiýalary ornaşdyrmagyň, enjamlary üpjün etmegiň mümkinçilikleri, zawodyň alyp barýan işlerini sanlaşdyrmak, hil taýdan dolandyryş ulgamyny we marketing işlerini ýola goýmak, zawodyň desga we enjamlary tehniki gözegçiliklerini ýerine ýetirmek barada belläp geçdi.

Şeýle-de, Gelejekde bolsa “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynda Hazarýaka gämi gurluşyk senagaty, aýratynlykda deňiz ulaglary üçin zerur bolan enjamlar bilen üpjün edýän Merkezi (Hub) döretmegiň mümkindigini bellenildi. Şeýle-de myhmanlar mümkin bolan halatynda “Balkan” gämi gurluşyk zawody bilen koreý kompaniýasynyň arasynda bilelikdäki kärhanany döretmegi hem teklip berdiler.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar gelejekde gämi gurluşygy pudagynda agzalan meseleler babatynda ikitaraplaýyn, özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürilmegine ähli tagallarynyň ediljekdigini bellediler.