“Türkmen Logistika” birleşiginiň (TLA) agzalary 2026-njy ýylda geçiriljek Türkmen–Hytaý işewürlik forumyna we sergisine gatnaşmak üçin ýörite şertlerden peýdalanarlar. Hususan-da, olar üçin gatnaşyjylaryň hasaba alynmagynda 10 göterim arzanladyş göz öňünde tutulýar.
Çäräniň guramaçylary tarapyndan habar berilmegine görä, bu çözgüt türkmen logistika kompaniýalaryna goldaw bermäge hem-de olaryň halkara bazardaky ornuny giňeltmäge gönükdirilendir.
Forumyň guramaçylary — “Talwas Ýoly” ÝGPJ we “Oguz Forum & Expo” bölümi TLA-nyň goldawy bilen forumyň doly derejede geçirilmegini üpjün ederler. Çäräniň dowamynda işewürlik maksatnamasy, sergisi, B2B we B2G duşuşyklary, şeýle-de türkmen we hytaý işewürleriniň gatnaşygyny utgaşdyrmak işleri alnyp barylar.
Forum söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, logistika, ulag, eksport-import ugurlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek, kompaniýalaryň arasynda göni aragatnaşyklary ýola goýmak, şeýle-de Türkmenistanyň eksport we maýa goýum kuwwaty bilen tanyşdyrmak üçin netijeli meýdança bolar.
Forum barada has giňişleýin maglumatlary turkmenchina.com we oguzforum.com web sahypalaryndan ýa-da +99361480080 telefon belgisi arkaly alyp bolar.