2025-nji ýylyň 14–18-nji dekabry aralygynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygynyň orunbasary M. Muhammedowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet iş sapary bilen Russiýa Federasiýasynda boldy. Saparyň esasy maksady iki ýurduň gümrük gulluklarynyň arasynda 2026–2028-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga gönükdirilen bilelikdäki çäreleriň Meýilnamasyny taýýarlamak boldy.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn gümrük hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyna baha berdiler we ony ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlediler. Geljekki Meýilnamanyň çäklerinde gümrük işini sanlylaşdyrmak, maglumat alyş-çalyşyny giňeltmek hem-de hünärmenleri taýýarlamak meselelerine aýratyn üns berildi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy habar berdi.
Saparyň maksatnamasyna laýyklykda türkmen wekiliýeti Moskwanyň gümrüginiň Elektron deklarirleme merkezine, Russiýanyň gümrük akademiýasyna, şeýle hem Russiýa Federasiýasynyň Federal gümrük gullugynyň Kinologiýa merkezine baryp gördi. Wekiliýet rus tarapynyň iş tejribesi we gümrük gullugynyň işini guramakda ulanylýan amaly usullar bilen tanyşdy.
Duşuşyklaryň jemleri boýunça taraplar Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň gümrük gulluklarynyň arasynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge hem-de hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga taýýardygyny tassyklady.