2023-nji ýylyň 6-njy iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynda türkmen halkynyň milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Yslam ösüş bankynyň ilkinji prezidenti Ahmad Mohamed Ali Al-Madani tarapyndan sowgat berlen “Yslam Ösüş Banky we Doktor Ahmad Mohammad Ali. Institutyň taryhy we onuň Prezidentiniň ýoly” atly kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Tanyşdyrylyş dabarasyna Türkmenistanyň Hökümet adaralarynyň, şol sanda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň ýolbaşçylary we wekilleri, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary, şeýle hem ýurdumyzda işleýän daşary ýurtlaryň diplomatik missiýalarynyň, halkara we sebit guramalaryň, şol sanda, bank-maliýe düzümleriň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary hem-de işgärleri gatnaşdylar.
Tanyşdyryş dabarasynda edilen çykyşlarda Yslam ösüş bankynyň döredilmeginiň taryhy, onuň häzirki wagtda alyp barýan işleri barada, bu maliýe edaranyň agza ýurtlary, şol sanda, Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygynyň ösüşi barada giňişleýin beýan edildi. Çäräniň dowamynda geçirilen tegelek stolda ýurdumyzyň beýleki pudaklary bilen bir hatarda, “Türkmendeňizderýaýollary” agentligi tarapyndan hem Yslam Ösüş Banky bilen deňiz ulag ulgamy pudagynda alnyp barylan hyzmatdaşlyk we geljekde amala aşyrylmagy meýilleşdirilýän taslamalar barada çykyş edildi. Hususan-da, Türkmenistanyň Deňiz ulag ulgamyny ösdürmek taslamanyň çäklerinde 2022-nji ýylyň 5-nji fewralynda «Ro-Ro» görnüşli 2 sany gämini we 1 sany gury ýük gämisini gurmak boýunça taslamalaryň bahasynyň bir bölegini maliýeleşdirmek üçin, Türkmenistanyň Hökümeti bilen Yslam Ösüş bankynyň arasynda “Agentlik ylalaşygy” baglaşyldy. Ylalaşykda gämi gurluşygynyň Yslam Ösüş banky tarapyndan maliýeleşdirilmegi meselesinden başga-da, Türkmenbaşy Halkara deňiz portuny kämilleşdirmek we mümkinçiliklerini giňeltmek boýunça muzdsuz kömegini (grant) bermeklik göz öňünde tutulan. Munuň bilen baglylykda, 2022-nji ýylyň 6-njy oktýabrynda Yslam Ösüş banky bilen Türkmenistanyň Hökümetiniň adyndan “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň arasynda “Tehniki muzdsuz kömegini bermek hakynda” Ylalaşyga gol çekildi. Grant taslamasy Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň terminallaryny dolandyrmaklygy kämilleşdirmek hem-de netijeli ulanmak, port ulgamyny dolandyrmakda halkara tejribesine esaslanýan täze kanunlary hem-de kadalary işläp taýýarlamak we bu babatdaky beýleki işleriň ýerine ýetirilmegini öz içine alýar.
Bulardan başga-da, 2009-nji ýylyň 3-nji iýulynda «Türkmendeňizderýaýollary» agentligi bilen nebit we nebit önümini daşaýan iki sany gäminiň satyn alynmagyny maliýeleşdirmek üçin, Yslam ösüş bankynyň arasynda karz ylalaѕygynyň baglaşylandygyny bellemek hem ýerliklidir. Baglaşylan karz ylalaşygyna laýyklykda karz serişdeleriniň hasabyna häzirkizaman tehnologiýalar bilen ornaşdyrylan “Sumbar” we “Hazar” atly nebit we nebit önümlerini daşaýan gämileri gurdurylyp satyn alyndy we ulanyşa girizildi. Häzirki wagtda bu gämiler Hazar sebitinde halkara gatnawlaryny amala aşyrýarlar.
“Yslam Ösüş Banky we Doktor Ahmad Mohammad Ali. Institutyň taryhy we onuň Prezidentiniň ýoly” atly kitabyň tanyşdyrylyş dabarasynyň çäklerinde oňa gatnaşyjylar Türkmenistan bilen Yslam ösüş bankynyň bilelikdäki taslamalaryna we hyzmatdaşlygyna bagyşlanan sergide «Türkmendeňizderýaýollary» agentligi tarapyndan hem sergi stendi bilen çykyş edildi.