Hytaýdan Balkan welaýatyna täze ýük otlusy gatnawy ýola goýuldy

Hytaýyň Sinhaý welaýatynyň Sinin şäherinden Türkmenistanyň Balkan welaýatyndaky ýük terminalyna täze göni demir ýol gatnawy açyldy. Bu täze ugur Hytaý bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky söwda we ulag hyzmatdaşlygyny bellenen tertipde giňeltmäge ýardam eder. Bu barada Hytaýyň «CCTV» döwlet teleýaýlymy habar berýär.

Elektrik enjamlary, awtoulag şaýlary, egin-eşikler we gündelik sarp edilýän beýleki harytlar ýüklenen 55 konteýnerden ybarat ilkinji ýük otlysy 28-nji iýunda ýola düşdi. Otlynyň Balkan welaýatyndaky ýük terminalyna 14–15 günüň dowamynda gelmegine garaşylýar.

Täze demir ýol ugry Hytaýyň Sinjiang sebitindäki «Horgos» serhet geçelgesinden we Gazagystanyň çägi arkaly geçýär. Şeýlelikde, Sinhaý welaýaty Gazagystan we Özbegistan bilen bir hatarda Türkmenistan bilen hem göni demir ýol baglanyşygyny döretdi.

Täze ugur ulag çykdajylaryny azaltmaga we Merkezi Aziýa bazarlaryna iberilýän önümler üçin has durnukly ulag geçelgesini emele getirmäge mümkinçilik berer.

Bu gatnaw Hytaýyň Çendu şäherinden Türkmenistana açylan ýük demir ýol ugrundan soň ýola goýuldy. Şunlukda, Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky demir ýol gatnaşyklarynyň gerimi has hem giňeýär.