2026-njy ýylyň 2–3-nji iýulynda Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäheriniñ "Tersane İstanbul" toplumynda Türkiýe Respublikasynyň Ulag we infrastruktura ministrligi tarapyndan guralan 5-nji Türkiýe Deňiz sammiti geçirildi. Sammit halkara deňiz ulaglaryny, port dolandyryşyny, logistika ulgamyny ösdürmek, sebitara ulag geçelgelerini kämilleşdirmek hem-de deňiz söwdasynyň häzirki meselelerini ara alyp maslahatlaşmak babatda möhüm halkara meýdança boldy.
Halkara çärä dürli döwletleriň ugurdaş ministrlikleriniň we edaralarynyň ýolbaşçylary, halkara guramalaryň ýokary derejeli wekilleri, şol sanda Halkara Deňiz Guramasynyň (IMO) Baş sekretary, şeýle hem deňizçilik we logistika pudagynyň wekilleri gatnaşdylar.
Bu möhüm halkara sammitine Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň başlygy hem gatnaşdy. Sammitiň umumy mejlisinde eden çykyşynda halkara ulag-logistika hyzmatdaşlygyny ösdürmek, Hazar deňzi arkaly üstaşyr ulag mümkinçiliklerini giňeltmek, ulag amallaryny kämilleşdirmek hem-de sebit we halkara ulag geçelgeleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça Türkmenistanyň alyp barýan işleri barada giňişleýin durup geçdi.
Sammitiň çäklerinde Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň başlygy bilen Türkiýe Respublikasynyň Ulag we infrastruktura ministriniň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda deňizçilik we port hojalygy ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek, Hazar sebitindäki ulag baglanyşyklaryny pugtalandyrmak, iki ýurduň arasynda deňiz ýük daşamalarynyň möçberini artdyrmak hem-de halkara ulag geçelgelerini ösdürmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Taraplar Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň deňiz ulaglary ulgamynda yzygiderli ösdürilýändigini bellediler. Şeýle hem portlar, logistika we deňiz ulaglary pudagynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek hem-de bu ugurda bilelikdäki işleri dowam etdirmek barada pikir alyşdylar.
Türkiýäniň 5-nji Deňiz sammitiniň çäklerinde geçirilen bu duşuşyk iki ýurduň ulag-logistika ulgamyndaky hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek, Hazar sebitindäki ulag baglanyşyklaryny pugtalandyrmak hem-de halkara ulag geçelgeleriniň netijeliligini ýokarlandyrmaga ýardam eder.