Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasynda hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna gol çekildi

Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministrleri Raşid Meredowyň we Bahtiýor Saidowyň ýolbaşçylygynda daşary syýasat edaralarynyň arasynda nobatdaky syýasy geňeşmeler geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda taraplar iki ýurduň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, ikitaraplaýyn syýasy-diplomatik gatnaşyklary we parlamentara hem-de sebitara baglanyşyklary işjeňleşdirmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle hem BMG, GDA we YHG ýaly halkara guramalaryň çäklerinde özara goldaw bermek, söwda-ykdysady gatnaşyklary diwersifikasiýalaşdyrmak, täze ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek hem-de senagat, energetika we medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak barada ylalaşyldy. Syýasy geňeşmeleriň jemleri boýunça taraplar halkara maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda hökümetara Ylalaşyga we Daşary işler ministrlikleriniň arasynda 2027–2028-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna gol çekdiler.